logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly türkmen sportuna bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen sport, sagdyn durmuş baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, milli sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport we bedenterbiýe bilen baglanyşykly bu sergimiz hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Häzirki wagtda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.