logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN SEBIT HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.

Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine-Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.


«Türkmenistan» gazeti