HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY: GÜN TERTIBINDE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki bilen türkmen-özbek gatnaşyklary soňky ýyllarda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ýokary derejedäki özara döwlet we resmi saparlary döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň hem-de açyklygyň aýdyň beýanydyr. Bu işjeň dialog dürli meseleleri, şol sanda halkara giňişlikdäki strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hem-de Özbegistan halkara guramalaryň çäklerinde möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryny utgaşdyryp, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu taslama söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, serhetýaka söwdanyň möçberini artdyrmaga, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz sebiti dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hazar deňzinde döwrebap port infrastrukturasy bolan Türkmenistan goňşy ýurtlara, şol sanda Özbegistana ulag geçelgelerini döretmek üçin bähbitli ugurlary teklip edýär. Mundan başga-da, ýurtlarymyz strategik taýdan ähmiýetli energetika ulgamynda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
«Türkmenistan» gazeti