logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN STRATEGIK DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa-Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy-medeni, ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim ýaly ulgamlary öz içine alýar. Milli bähbitlere, özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda oňyn orny eýeleýär.

“Merkezi Aziýa-Russiýa” formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada, hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary ilerletmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant hökmünde garalýar. Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistana ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär we giň halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly geosyýasy hem-de geoykdysady şertleri döredýär.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Munuň özi taraplaryň hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Russiýa sebitiň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Özara haryt dolanyşygynyň düzüminde çig maldan başga-da, senagat harytlary, oba hojalyk, nebithimiýa, metallurgiýa önümleri agdyklyk edýär. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetine şaýatlyk edýär.


«Türkmenistan» gazeti