logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN SUNGATYŇ DIÝARY

TÜRKMENISTAN SUNGATYŇ DIÝARY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli sungatynyň şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Aýdym-saz, teatr, ekran sungaty jemgyýete ruhy taýdan täsir etmekde uly hyzmatlary bitirýär. Artist üçin teatr edil öz öýi ýalydyr. Sebäbi ol teatrda ruhy taýdan ösýär, döredijilik ýolunyň basgançaklaryna galýar, özüni açýar, barha öz käriniň ussadyna öwrülýär. Artist öz kärine tüýs ýürekden, çyn kalbyndan berlip işlemek bilen öz ýoluny tapýar. Şeýdibem ol kämilleşýär, ussat artiste öwrülýär. Şol ussat artistleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewadyr.

Türkmenistanyň teatrlarynyň arasynda «Mähre dolan eneler» atly döredijilik bäsleşiginiň çäginde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Sabyr Ataýewa» atly sahna oýny görkezildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan «Teatr durmuşyň aýnasy» ady bilen göçme sergi we «Türkmenistan sungatyň diýary» ady bilen söhbetdeşlik guraldy.

Sahna tomaşa etmäge gelen ildeşlerimiz Döwlet kitaphanasy tarapyndan guralan göçme sergidäki kitaplar bilen tanyşdylar. Sergide we söhbetdeşlikde kitaphanaçylar Altyn Çaryýewa, Annajemal Orazowa çykyş etdiler.

Göçme sergide türkmen sungatyna bagyşlanan edebiýatlar bilen bir hatarda öz ömürlerini sungata örklän sungat ussatlarynyň döredijiligine, şolaryň biri bolan Sabyr Ataýewanyň döredijiligine bagyşlanan edebiýatlar goýuldy.

Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, aramyzdan giden ussatlarymyz apalanýar, sarpalanýar. Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewanyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp görkezilen sahnada çykyş eden artistler we görmäge gelen tomaşaçylar bilen «Türkmenistan sungatyň diýary» söhbetdeşlik geçirildi hem-de teleýaýlymlara ýazgy edildi.

Halypa medeniýet ussatlaryna goýýan belent sarpalary, olaryň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga döreden giň mümkinçilikleri üçin, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň sarpasyny has-da belende göterýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza rowaçlyk arzuw edýäris, goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.