logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYGYŇ ÜLKESI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezinde ýerleşýän Çeşme atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan syýahatçylygyň ülkesi» atly söhbetdeşligi çagalar topary bilen gurnady. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige uly üns berilýändigini belläp geçdiler. Soňra bolsa çagalar bilen bilelikde sorag-jogap alşyldy.

Kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.