logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«TÜRKMENISTAN» TELEÝAÝLYMY KITAPHANA IŞGÄRLERI BILEN «GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY, AT MYRADYŇ-MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at myradyň-mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlyklara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli Döwlet kitaphanasynda geçiriljek çäreler, söhbetdeşlikler dogrusynda çykyş edip ,özleriniň döreden goşgularyndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.