3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Şunda parahatçylygyň, dostlugyň, özara ynanyşmagyň möhüm guraly hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumytürki gymmatlyklaryň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleriniň TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda guralýan festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň guralmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Bu çäre türki halklaryň arasyndaky taryhy we ruhy bitewüligi has-da berkitmek bilen, Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm merkezine öwrülýändigini görkezýär.