logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN-ÝUNISEF: UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

TÜRKMENISTAN-ÝUNISEF: UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

15-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Onda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň bütin dünýäde rowaçlanmagyna giň ýol açýar. Duşuşygyň dowamynda bilelikde amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi. Şunda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary öz içine almagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä, söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «2021-2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene-sagdyn çaga -sagdyn geljek» atly Milli strategiýa işlenip taýýarlanyldy. Şundan ugur alnyp, Milli Liderimiziň: «Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaýar» diýen parasatly jümlesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky utgaşykly işleriň binýadyna öwrüldi. Duşuşykda çagalaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy bellenildi.

Hanym Jalpa Ratna diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Şeýle hem ol ýakynda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini aýtdy.

«Türkmenistan» gazeti