logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN–BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistan–bagtyýar çagalaryň mekany» ady bilen Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýatymyzda ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus çagalaryň bagtyýar günlerini, ömür kalbyna altyn harplar bilen ýazýan pasylydygy, inä, çagalyk dünýäsiniň iň bir bagtyýar günlerini-tomus dynç alyş pursatlaryny ýurdumyzyň Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çeşme” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirýän bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alýandyklary, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýändikleri, dynç alyş merkezinde çagalaryň her bir güni göwün göteriji pursatlara beslenýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.