Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Ata Watanymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen bilelikde “Bitarap Türkmenistan-parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konsert gurnaldy. Bu konsert Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.
Konsertiň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlyk etmeginde kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Rejep Rejebowyň “Tans” kinofilminden “Конец ночного вора”eseri ýaňlandy. Soňra nemes-golland kompozitory A. Germanyň “Кажется” aýdymyny Güljemal Taýlyýewa; sazy O. Berdiýewiň, sözi T. Söhbetowyň “Ýatla meni” aýdymyny Kadyr Esenow; fransuz aýdymçysy Indilanyň “Love story” we Ýu. Sawiçewanyň “Если в сердце живёт любовь” aýdymyny Munisa Hudaýbergenowa; Nansy Ajramyň “Inta Eýh”aýdymyny Çynar Gutlyýewa; sazy N. Halmämmedowyňky, sözi G. Ezizowyň “Iki agaç” aýdymyny Nazar Garaýew; italýan kompozitory R. Musumarranyň “Luna Tu” aýdymyny Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew; A. Safinanyň “Sarai Qui” aýdymyny Güljemal Taýlyýewa we Begenç Moşşyýew; sazy we sözi T. Artykowyň “Ýüregim sende” Myrat Mämmetmyradow; Azerbaýjan “Sary gelin” halk aýdymyny Humaý Kakaýewa ýerine ýetirdiler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary hem aýdymlary bilen çykyş etdiler. Ýagny “Keremli söz” kinofilminden Keremiň “Daglar” aýdymyny Amangeldi Meredow; “Bella ciao” italýan halk aýdymyny Resul Nurow; D. Lipa “Love again” aýdymyny Şemşat Gaýypowa ýerine ýetirdiler. Bu iki ýokary okuw jaýlaryň bilelikdäki çykyşlary konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy.
Kamera orkestr diňe bir bu eserlere sazandarlyk etmän, eýsem L.W.Bethoweniň “Für Elise Jam”, britan kompozitory K. Jenkinsiň “Palladio” eserlerini hem şowhunly ýerine ýetirdi.
Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” ýaňlandy. Konsert diňleýjiler tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy alyndy. Konserte gatnaşyjylaryň we diňleýjileriň “Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!” şygarynyň umumylykda gaýtalamagy bilen konsert tamamlandy.
Ýokary okuw jaýlaryň bilelikde konsert gurnamagy, konsertiň şowhunly geçmegi bolsa biz ýaşlaryň aýdym-saz sungatymyza bolan höwesimizi has-da artdyrýar.
Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, kämilleşmeklige, türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryny, olaryň döreden sazlaryny, eserlerini giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde uly-uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ogulbeg Ýegenowa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby