logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI GIŇDEN BELLENILDI

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy, şeýle hem saglygy goraýyş babatda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdiler.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzda ýerleşýän “Jahan” döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada karara gelindi. Munuň özi merkeziň işini döwrebap alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasynyňgoldawy bilen “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyňilkinji gezek çykyş etmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly sowgat boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyňforuma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyňnygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziňberk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar döwletiňtäze eýýamynyňGalkynyşy döwründe hem ýurdumyzyňsaglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyňsaglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziňalyp barýan işlerimiziňesasyny düzýär. Jemgyýetimiziňwe döwletimiziňiňýokary gymmatlygy bolan adamyňsaglygyny goramak döwlet syýasatymyzyňileri tutulýan ugurlarynyňbiridir. «Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiňçäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn-da, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giňgerim bilen gurmagy dowam etdirýäris. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça hem toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belleýär.


«Türkmenistan» gazeti