logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY!» ATLY MASLAHAT

«TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY!» ATLY MASLAHAT

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň ýene bir ajaýyp ýyla uly buýsanç bilen gadam basandyklaryny, bu ýylda hem türkmen halkymyzyň ýadyndan çykmajak şanly, taryhy wakalar köp boljakdygyny nygtadylar. Biz bu ýyl Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk toýuny, şeýle hem Halkara hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny buýsanç bilen toýlajakdyklary barada söhbet etdiler.

Şeýle-de dabaraly maslahatynyň çäginde «Parahatlyk–baky bagtyň seresi!» ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.