Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan–parahatçylyk mekany, Bitaraplyk–baky bagtyň mukamy» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany höküminde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy ähli halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, myhmansöýerlige ýugrulan asylly ýörelgeler, häzirki döwürde has-da ösdürilýändigi we dünýä ýaýylýandygy barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkynyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.