logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan–Parahatlyk mekany, Bitaraplyk–baky bagtyň mukamy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi bolsa, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki döwürde hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülip halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň öňe sürülýändigi bagtyýar ildeşlerimiziň kalbyny buýsanja besleýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.