logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BEÝIK ÝEŇŞIŇ MERDANALARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gezelenç gurady. Bu ýerde 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky ot» «Milletiň ogullary» ýadygärliklerinde söweş meýdanynda edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy hormatlamak üçin gül desselerini goýdular.

Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyna şan getiren «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» romanynda Watana il-güne topraga, onuň duzuna kerem-keramatyna bolan söýgüniň juda güýçlidigine eserde hereket edýän gahrymanlaryň biri-birinden ýaş tapawudy boýunça saýlansalar hem bir bütewi maksada gulluk edýänligi barada täsirli gürrüňleri berdi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny baky parahat, asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.