logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY» ATLY SERGI

Türkmenistan bu gün dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen hoşniýetli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Ençeme halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşmek bilen dünýäde parahatçylygy öňe sürýär.

Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dekabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy-abadançylygyň ak ýoly» atly sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän gymmat baha daşlar bilen bezelen zergärçilik eserler sergide ýerleşdirildi. Ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan, döwrümizi wasp edýän şekilli halylar ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. “Arkadagyň eseri sen Aşgabat” atly şekilli halyda Gahryman Arkadagymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň gözel binalary şekillendirilipdir. “Merjen şäher Aşgabat”, “Ak şäherim Aşgabat” atly nepis halylarda bolsa Köpetdagyň künjeginde ýerleýän Aşgabadyň ak mermerli binalary, mukaddes tugumyzy, parahatlyk simwolyny aňladýan gözel monumental binalary, Garaşsyzlyk binasynyň nusgalyk keşbi şekillendirilipdir. Şekilli halylar baýramçylyk serginiň görküni has hem artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary hem sergide ýerleşdirdi. Kitaplaryň many-mazmuny bilen tanyş bolan her bir raýat Bitarap Watanymyzyň at-abraýyna ýene bir gezek buýsanýarlar. Bu sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatynyň uludygyny görkezýär.

Dürli pudaklarda zähmet çekýän sergä gatnaşan myhmanlar Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlar aýtdylar.