logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY- PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr“, ”Ýaşlyk”, ”Türkmenistan”, ”Aşgabat” teleýaýlymlary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyndan ýazgy edildi.

Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly gymmatly kitaby nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň öňki ajaýyp kitaplary bolan “Ýaşlar- Watanyň daýanjy”,”Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly- dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň üstüni ýetirýän “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly ajaýyp kitaby hem Döwlet kitaphanamyzyň kitap hazynasyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.