HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOKARY DEREJELI PLENAR MEJLISINE GATNAŞDY
22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.
Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr.
Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.
«Türkmenistan gazeti»