logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak Medeniýet öýi, 137-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmatynyň bahasyzdygy, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrülendigini, türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyrdylar we sergide goýlan birnäçe ajaýyp kitaplaryň many-mazmuny barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.