Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy–sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda parahatçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, ählumumy parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hemişelik Garaşsyz Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyrdylar we birnäçe kitaplaryň many-mazmuny dogrusynda gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.