logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY–SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy–sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ählumumy we sebit meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedigini, bu bolsa parahat ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň hoşniýetli gatnaşyklaryň dostlugyň we ynsanperwerligiň ähli umumy ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.