logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplaryndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Biziň müň bir derde derman ösümliklerimiz şeýle hem biziň jana şypaly baý gözel tebigatymyz hakynda onuň adam saglygyna edýän ajaýyp täsiri barada giňişleýin söhbet etmek bilen bahar paslynyň jana şypaly howasy hakynda durup geçdiler.Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly ensiklopedik kitaplarynda biziň eziz Watanmyzyň baý ösümlik dünýäsi,olaryň her biriniň peýdasy onuň ýerleşişi hem-de düzümi hakynda durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.