logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eserinden ybarat bolan hemişelik sergini gurnady.

Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Her jildiniň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Kitap her jildiniň aýry-aýry ösümlikleriň kökleriniň, ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Baý mazmunly, üç dilde çap edilen ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary Türkmenistanyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, halkymyzyň saglygy barada taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!