logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY YLMY ENSIKLOPEDIK KITABYŇ XVII JILDINIŇ WE «SAGLYGY GORAÝYŞDA ÝETILEN SEPGITLER» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara konserwatoriýanyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ylma, medeniýete we halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirilen köp ýyllyk zähmetiniň, döredijilik we ylmy gözlegleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseriniň täze jildi ýurdumyzyň baý tebigatynyň we şypaly ösümlikleriniň aýratynlyklaryny açyp görkezýär.

Gadym döwürlerden bäri biziň ata-babalarymyz dermanlyk ösümliklerinden melhemleri taýýarlap, saglyklaryny berkidipdirler. Gahryman Arkadagymyz hem özüniň bu kitabynda halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri barasynda beýan edýär.

Kitap 407 sahypadan ybarat bolup, onda her bir dermanlyk ösümlikleriň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy we derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy barada jikme-jik maglumat berilýär.

Kitabyň 370-372-nji sahypalarynda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň türkmençe, latynça we arapça sözlügi ýerleşdirilendir. Şeýle hem, kitabyň ahyrky sahypalarynda dermanlyk ösümlik çig mallary ýygnamaklygyň senenamasy, olaryň görnüşi we saklanyş möhleti barada maglumat berilýär. Her bir dermanlyk ösümliginiň tapylýan ýerlerinden fotoýazgylar ýerleşdirilip, olaryň tebigy ýagdaýdaky görnüşleri görkezilýär.

Çykyş edenler täze jildiň ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilmeginiň hem-de halk lukmançylygynyň däpleriniň ýaş nesillere geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy tarapyndan gurnalan kitap sergi bilen tanyş boldular. Bu gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bize tebigy baýlyklarymyzy saklamak we ösdürmek boýunça jogapkärli garaýyşlarymyzy ýokarlandyrmak üçin birnäçe maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik döredip berýänleri üçin köp sag bolsun aýtdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Dünýägözel ALMOWOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň öwreniji mugallymy.