logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«BEÝIK GAHRYMANLAR ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAR» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT

KITAP PAÝHAS UMMANY Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 1941-1945-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Mukaddes Watanymyň beýik gahrymanlary», «Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde edermen gerçeklerimiziň keşbi», «Ata-babalarymyzyň edermenliklerine beslenen şöhratly ýeňiş», «Miras bolan merdanalyk mekdebi», «Türkmen sungatynda Watanymyzyň şöhlelenilişi», «Türkmen şekillendiriş sungatynda Köneürgenjiň binagärlik mirasy», «Türkmen halkynyň edermenlik däpleri», «Pederleriň mertlik ýoly», «Taryhy ýadygärliklerimiziň çeperçilik çözgütleri», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Watan gerçekleriniň keşbi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler beýik ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýulýandygy, şeýle-de Watana, öz halkyna wepaly hem-de oňa tüýs ýürekden hormat goýýan ýaşlary terbiýelemegiň ähmiýeti barada çykyş etdiler.