logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ UÇURYMLARYNYŇ DIPLOM GORAGY

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» hem-de «Grafika» kafedrasynda bilim alan talyp ýaşlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Diplom goragyna medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň halk suratkeşleri we sungatda at gazanan işgärleri hem-de şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.

Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy, monumental nakgaşçylygy, teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärleri boýunça bilim alan talyplaryň ýerine ýetiren diplom işleri olaryň öz hünärlerini ýokary derejede ele alandyklaryna şaýatlyk edýär.

Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplar esasan ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dessanlardaky beýik şahsyýetleri öwrenip, «Türkmen toýy», «Dokmaçy gelin-gyzlar», «Şükür bagşy», «Halyçylar», «Atabeglik mekdebi», «Altynjan hatyn», «Türkmen dessany: Görogly eposy» ýaly sungat eserlerini ýerine ýetirdiler. Monumental nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplarymyz «Natýurmort», «Gözelligiň nusgasy», «Türkmen gelin-gyzlary» hem-de teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplarymyz bolsa «Tumarşa», «Turandot», «Nusaý söýgüsi», «Ömür daragty» ýaly temalar boýunça giň mazmuna ýugrulan sungat eserlerini beýan etdiler.

«Grafika» kafedrasynyň kitap grafikasy hünärinde bilim alan talyplar hekaýalary, goşgulary, durmuşy, söýgi ýaly dürli temalary wasp edýän döredijilikli eserleri hem-de kitap bezeg işlerini ýerine ýetiripdirler. Olardan Magtymguly Pyragynyň, Sädi Sädiýewiň, Aýgül Garaýewanyň «Zenan dünýäsi» ýaly goşgulary, Şirinjemal Geldiýewanyň hekaýalary, Zenan gözelligi esasynda ýerine ýetirilen kitap bezeg işleri hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen milli toýuny, Watana, enä bolan söýgüni wasp edýän «Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalary», «Bitarap Türkmenistana 30 ýyl», «Türkmen milli toý baýramlary», «Ene Mähri», «Türkmenistanda oba hojalygyň ösüşi» ýaly stanok işleri taslama gurluşy taýdan tapawutlanýar.

«Nakgaşçylyk» hem-de «Grafika» kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri olaryň döredijilik ýolundaky üstünlikleriniň başlangyjy bolup synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular. Bu hem talyplara öwredilen hünäri doly ele alandyklaryny, mugallymlaryň azabynyň ýerine gowşandygyny, çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär.

Çemen ANNAMURADOWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy