logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýän döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Diýarymyzda Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, düzümleýin edaralarda hukuk serişdeleriniň döwrebap usullaryny ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi hem-de kanunylygy pugtalandyrmak, kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

«Türkmenistan» gazeti