logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagy, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly Güýçleri döwrebap derejede ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet bähbitlerini goramak, hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.