1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen bir aýlygyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi.
«Türkmenistan» gazeti