logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY BILEN BILELIKDE AŞGABAT TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE ÝAZGY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş edenler “Arkadag” futbol toparynyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyna geçirmek hem-de ony Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegini buýsanç bilen söhbet etdiler, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň çagalar babatda alyp barýan dünýä nusgalyk sogaply işleriniň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyna degişli şekil taslamalary bilen tanşyp, onuň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtmagy hem ýaş nesil üçin giň mümkinçilikleriň döredilýänliginden aýdyň nyşandyr diýip, bellediler.

Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda öz dürdäne eserleri bilen ýollarymyza nur çaýýan, kitaba belent sarpa goýýan, kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.