logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA «GAHRYMAN HEM MÄHRIBAN MAÝA EJEMIZ» ATLY TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY MAÝA KULYÝEWANYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 105 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA «GAHRYMAN HEM MÄHRIBAN MAÝA EJEMIZ» ATLY TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY MAÝA KULYÝEWANYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 105 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

Döredijilik adamlarynyň goşa ömri bolýar. Birinjisi, olaryň özleri bar mahaly, ýaşan ömürleri, ikinjisi, dünýeden ötensoňlar il arasynda döreden eserleriniň ýaşamagy, olaryň ýagşylykda ýatlanylmagydyr.

Türkmen medeniýetiniň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli mirasymyzy öwrenmäge, halypalary hatyralamaga giň ýol açdy, halypa-şägirtlik ýoly gaýtadan dikeldildi. Ine şu asylly ýörelgeden ugur alyp, Sungat bölüminde “Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.

Türkmen operasy diýlende Maýa Kulyýewa, Maýa Kulyýewa diýlende bolsa türkmen operasy göz öňüňe gelýär. Maýa Kulyýewa sözüň doly manysynda türkmen sungaty üçin ägirt uly hyzmatlary bitiren we öz zähmetiniň rehnetini gören ynsan. Muny Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Uly meşhurlyga eýe bolan, görnükli sungat ussatlarymyza aýratyn hormat goýmak däbi Garaşsyzlyk ýyllary içinde has-da rowaçlandy. Munuň şeýledigine bütin manyly ömrüni milli sungatymyzyň ösmegine bagyş eden, belli opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy aýdyň şaýatlyk edýär” diýen jümleleri subut edýär

Döredijilik agşamynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny göterýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary, talyp ýaşlary we halypanyň şägirtleri täsirli çykyşlary etdiler.Çäräniň dowamynda aň-bilim bäsleşigi gurnalyp, oňa “Ýagşygeldi Kakaýew” adyndaky Halkara nebit we gaz Uniwersitetiniň talyplary, Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň, Türkmen Döwlet medeniýet Institutynyň talyplary we okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Myhmanlaryň çykyşlary, bäsleşigi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşikde üstünlikli çykyş edenlere sowgatlar gowşyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarmyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarnyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.