logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY TAN HUISM ŞEÝLE HEM KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ HÜNÄRMENI HUSEÝIN ŞEN MYHMANÇYLYKDA BOLDYLAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism şeýle hem Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň hünärmeni Huseýin Şen myhmançylykda boldylar.

Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda gezelençde bolmak bilen, kitaphananyň bölümleriniň işleri, şeýle hem okyjylara edilýän döwrebap hyzmat, kitaphanada guralan dürli kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Olar gezelenjiň çäklerinde Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyşyp, soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini baryp gördiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, şeýle hem kitaplary tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesiniň kitaplary arassalamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Soňra myhmanlar Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen hem tanyşdylar. Soňra Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümindäki açyk gaznada duran birnäçe dillerdäki kitaplar bilen gyzyklandylar. Gezelenjiň çäginde Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli iň gadymy golýazmalar şeýle hem arap-pars we beýleki Ýewropa dillerindäki iň gadymy edebiýatlar bilen tanyş boldylar.Soňra olar Döwlet kitaphanasynda kompýuter elektron ulgamy arkaly gaznadaky bar bolan neşirler bilen tanyşdylar.