logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

A.S.PUŞKIN ADYNDAKY TÜRKMEN-RUS BILELIKDÄKI UMMUMY ORTA MEKDEBINIŇ OKUWÇYLARYNYŇ WE MUGALLYMLARYNYŇ GEZELENJI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki ummumy orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.Gezelenjiň dowamynda okuwçylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ” Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly rus dilindäki gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda, geljegimiz bolan ýaş nesilleri lebzi halal ruhda terbiýelemek,olaryň gursagyna watançylyk söýgüsini guýmak asylly ýörelgeleriň biridigini,perzendiň asylly,edep-ekramly bolmagy üçin ilkinji nobatda, ene-ata görelde bolmalydyr diýip,giňişleýin gürrüň edildi. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek,sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda mekdep okuwçylary, mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.