logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA TALYP ÝAŞLARYŇ KITABA BOLAN SÖÝGÜSINI ARTDYRMAK MAKSADY BILEN «KITAPHANA ROWAÇLYGA BADALGA» ATLY GURNAGY

Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara kitaphanamyzda hyzmat etýän bölümler we bölümleriň ýerine ýetirilýän işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi, esasanam döwürleýin neşirleri saklaýan bölümiň alyp barýan işleriniň iň inçe syrlary barada diňe gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem gurnaga gatnaşan ýaş hünärmenlere tejribe arkaly hem ýerine ýetirmek işleri geçirildi. Bu tejribe işi ýaş kitaphanaçylaryň özlerinde dörän soraglaryny kanagatlandyrmaga we öz hünärlerini tejribede synap görmäge talyplara kömek eder. Geljekde kitaphanaçylyk işine goşant goşjak we öz kärini bir kemsiz ýerine ýetirjek ýaş hünärmenlerimiz döwürleýin neşirleri gorap saklamak işlerini tejribe işinde we olary okyja ýetirmekde uly işler etjekdiklerine ynam bildirýäris.

Gurnaga gatnaşyjylar kitaphana ugruny ösdürmekde giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.