logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ 130 ÝYLLYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Kitaphananyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden halypa kitaphanaçylar we medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphanasynyň Şöhratly ýoly geçen, taryhy hakynda, şeýle hem ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň, şu günlerde döwrebap ösdürilişi barada söhbet etdiler. Şeýle hem kitabyň ynsan durmuşynyň iň ýakyn hemrasydygyny, türkmen halkymyzyň mydama kitaby çörek ýaly mukaddes saýýandyklaryny nygtamak bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakynda, okamaklyk hakynda aýdan pähim-paýhaslaryny öz çykyşlarynda beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda, biziň ýaş nesillerimiziň, talyplarymyzyň okamaklary, ylym-bilim alkamlary üçin kitaphanalarda ähli şertleriň döredilendigini öz çykyşlarynda nygtadylar.

Soňra bu toý dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar.