logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SUNGAT BÖLÜMI «TÜRKMEN ZERGÄRÇILIK SUNGATY» ATLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI WE KITAP SERGISINI GURNADY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Türkmen zergärçilik sungaty” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurnady.Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphanaçylar–Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we olary dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.Talyp ýaşlarymyz we okyjylarymyz bolsa kitap sergisi bilen tanyş boldular.

Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin döredilýän zergärçilik sungat eserleriniň işlenip bejerilişinde we nagyşlarynda halkyň milli we medeni aýratynlyklary, döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.