logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI INDIRA GANDI ADYNDAKY LUKMANÇYLYK OKUW MEKDEBINDE GÖÇME SERGI GURNADY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-27 aralygynda “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Parahatdyr diýarym eziz Türkmenistanym” atly göçme sergi gurnady.

Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy we häzirki zaman haly önümleri görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň gölleri bilen nagyşlanan horjunlar, gadymy torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we başga-da haly önümleri sergini bezeýärler. Serginiň merkezinde türkmen tebigatyny wasp edýän şekilli haly we serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda düýpli gyňaçlar, keteni köýnekler, ýaşyl kürteler, çyrpylar, şeýle-de türkmen halkynyň öňki döwürlerde gündelik durmuşynda ulanylan esbaplaryny hem görmek bolýar.