logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE «ABADANÇYLYK–TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ BINÝADY» ATLY SERGI GURNALDY

Ýurdumyzda her ýylyň 18­nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Döwletimiziň diplomatik wekilhanalary häzirki döwürde Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda yzygiderli işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň münberinde çykyş edip duran, Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk pursatlaryna degişli fotosuratlar görkezilýär.

Sergide sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserlerine has köp orun berilýär. Türkmen zergärleriniň elinden çykan zergärçilik eserleri many-mazmuny boýunça serginiň temasyny açyp görkezmäge ýardam berýär. Kümüşden, altyn çaýylan we gymmatbaha daşlar bilen bezelen bu eserlerde Türkmenistanyň Döwlet nyşanlary, Türkmenistanyň kartasy, türkmen milliligini alamatlandyrýan haly gölleri, simwoliki manyda gurlan binalar hem-de monumentler oýma, guýma usullarda inçeden nepis edilip ýasalypdyr. Sergide bulardan başga-da hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary we Türkmenistanyň Bitaraplygyna degişli soňky ýyllarda çap edilen kitaplar, albomlar, žurnallar sergilenýär.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 18-nji fewralynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gurnalan «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergä aýlanyp gördüler hem-de muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.