Medeniýetimize we sungatymyza egsilmez sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli sungat ojaklarynda alnyp barylýan işler döwrüň talaplaryndan ugur alnyp kämilleşdirilýär. Şeýle işlerde türkmen şekillendiriş sungatyna uly orun berilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda şekillendiriş sungatymyz barha ösýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Gözellik suratkeşleriň nazarynda” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan daşary ýurt suratkeşleriniň hem-de türkmen suratkeşleriniň eserleri ilkinji gezek görkezilýär. Serginiň başy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri suratkeş Allamyrat Muhammedowyň "Adalatyň dabaralanmagy" atly eseri bilen açylýar. Bu eser Beýik seljuk türkmen döwletiniň köşgünde bolup geçýän erkin pikir alyşmalar, raýatlaryň hukugynyň goragy baradaky pelsepe häsiýetde bolup, suratkeşiň 2002-nji ýylda döreden “Muhammet Togrul begiň soltanlyk hutbasy” atly eseriniň bir toplumydyr.

B.Muhammedowyň “Şükür bagşy”, G.Töräýewiň ”Köneürgenç” Ý.Jumaýewiň “Ahal ýaýlasy” atly ajaýyp eserleri sergimize aýratyn gözellik berýär. Ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi döredijiliginiň baş temasyna öwren ussat suratkeşleriň döredýän eserlerini synladygyňça, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň artýar. Şeýle zehinli suratkeşleriň biri P.Gapançaýewdir. Onuň “Berkarar”, “Akhan”, “Turan bilen Wepalynyň doslugy” ýaly ajaýyp eserleri serginiň görnükli ýerinde orun berilýär.
Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza sowgat berilen Azerbeýjan döwletiniň belli suratkeşleri Maral Rahmanzade, Togrul Narimanbekow, Mikail Abdullaýew, Özbegistan döwletinden W.Enin, Täjigistandan döwletinden I.D.Sibizow, S.Arabow, Russiýa döwletinden Frans Rubo, A.Sarokin, I.P.Rubinskiý we birnäçe suratkeşleriniň eserlerini hem görmek bolýar.
Umuman aýdanyňda türkmen suratkeşleriniň hem-de daşary ýurt suratkeşleriniň döredijilikleri çuňňur mazmuna ýugrulandyr. Olaryň ajaýyp eserleri tomaşaçylary ruhy taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de bu eserler kämillige ymtylýan, sungatyň inçe syrlaryna aralaşan zähmetsöýer ussat suratkeşlerdigini açyp görkezýär.