Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewanyň kitaplary esasynda çeper okaýyş geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň milli medeniýetimiziň gülläp ösmeginde, halkymyzyň köňül joşgunyny beýan etmekde, edebiýat meýdanynda uly hyzmatynyň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň, sungaty şeýda bilbiline öwrülip diňe bir şelpeli şygyrlary däl, eýsem süýji sözleri bilen özüne imrindirýän kyssa eserleriniň bardygy barada giňişleýin beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazyjy şahyrlarymyzyň şahyrana eserlerini labyzly okap berdiler we şahyr zenan Gözel Şagulyýewanyň “Gezdim şygryň dünýäsinde” atly kitabyndan birnäçe goşgular çeper okap berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýazyjy şahyrymyzyň goşgularyny ýaş nesillere wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.