logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY, TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY, MAGTYMGULY ADYNDAKY HALKARA BAÝRAGYNYŇ EÝESI GÖZEL ŞAGULYÝEWANYŇ KITAPLARY ESASYNDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdebinde «Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň» kitaplary esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň milli medeniýetimiziň gülläp ösmeginde, halkymyzyň köňül joşgunyny beýan etmekde, edebiýat meýdanynda uly hyzmatynyň bardygy, sungatyň şeýda bilbiline öwrülip diňe bir şelpeli şygyrlary däl, eýsem birnäçe kyssa eserleriniň hem täsirlidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda şahyryň «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly kitabyndan birnäçe goşgular çeper okaldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýazyjy şahyrymyzyň goşgularyny ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.