logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI MEDENIÝET ŞAHBERDIÝEWANYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA» BAGYŞLAP, SENENAMALAÝYN SERGISI

«TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI MEDENIÝET ŞAHBERDIÝEWANYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA» BAGYŞLAP, SENENAMALAÝYN SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan «Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna» bagyşlap, senenamalaýyn sergi guraldy.

Aýdym-saz sungaty milletiň ruhy gymmatlyklarynyň biri bolup, asyrlar boýy halka hyzmat edip gelýär. Aýdym-saz türkmen halkynyň şatlygynyň ýarany, toý baýramlaryň bezegi. Türkmeniň geçmişi, şu güni we ertiri sungat bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Türkmenistan döwletimizde milli aýdym-saz sungatymyz halkyň milli mirasynyň aýrylmaz bir bölegi hasap edilýär.

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine öz mynasyp goşantlaryny goşan ussat halypalarymyzy ýatlamaga giň mümkinçilikleri döredip berdi. Döwlet kitaphanasynda şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, ömrüni medeniýete we sungata bagyşlan şahslaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy.

Sergide Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi hakda gürrüň berýän edebiýatlar we ussat halypanyň ýerine ýetiren opera eserleriniň nota ýazgylary goýuldy. Sungat bölümiň gaznasynda saklanýan plastinkalardan Medeniýet Şahberdiýewanyň ýerine ýetiren aýdymlary okyjylara diňledildi. Bu bolsa okyjylarda uly täsir galdyrdy.

Halypa medeniýet ussatlaryna goýýan belent sarpalary, olaryň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga döreden giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys, goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.