Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda beýik halypalar Nobat bagşynyň 125 ýyllygy, Ödenyýaz Nobatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
Konsertden öň konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we çagyrylan myhmanlar çykyş edip, tomaşaçylara ýurdumyzda ýene bir meşhur halypa bagşylar Nobat bagşynyň, Ödenyýaz Nobatowyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berdiler.
Konserdi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň müdiri Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew alyp bardy. Mugallym ýatlama konserdine gelen myhmanlara söz berdi.
Türkmenistanyň Halk artisti Annaseýit Annamyradow Nobat bagşy hemde ogly Ödenyýaz Nobatow barada gürrüň berdi. Konsert Ödenyýaz Nobatowyň şägirdi Çary Akmämmedowyň çykyşy hem-de «Sallanan gözel» Türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirmeginde dowam etdi.
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy Gadam Gurbanowyň çykyşy we «Aslym gelmedi» Türkmen halk aýdymy bilen ýatlama konserdi dowam etdi. Konsert okuw jaýymyzyň professor mugallymlarynyň çykyşy bilen dowam etdi. Onda Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň gürrüň bermeginde Nobat bagşynyň we Ödenyýaz Nobatowyň sungatda goýan yzlary barada gürrüň berdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Kerim Pirnepesow «Torgaý guşlar» Aýdymyny ýerine ýetirdi.
Konserdiň dowamynda Türkmenistanyň At gazanan Medeniýet işgäri Ödenyýaz Nobatowyň ogly Töre Nobatow çykyş etdi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Şirli Şirwan «Bir zaman goýgul» Türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Konsertda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň müdiri Garýagdy Saryýew jemleýji sözi bilen çykyş edip, «Bilmez boldym, gaýry şirwan» Türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Ýatlama konserde gatnaşyjylaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Konserdiň dowamynda Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly gahryman Serdarymyza köp Sagbolsun aýdyp Janlarynyň sag ömürleriniň uzak , belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Sahydursun MATIYEWA,
Maýa Kulyýewa Adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynyň Halk sazy fakultetiniň 2-nji üyl talyby