logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTANYŇ HALK BAGŞYSY ORAZ SALYR HAKYNDA ÝATLAMALAR

Ö.Gandymowyň ýatlamasy (Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri): Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bagşyşynas A.Aşyrow meşhur Oraz Salyr hakynda teleýaýlymda çykyş etdi. Ol ussat Sahy bagşa Oraz Salyr barada gürrüň bermegi haýyş edýär: “Oraz Salyr bilen köp toýlarda çykyş etmek miýesser etdi. Ol Hudaý beren bagşydy. Ol bagşyçylyk sungatynda arkasy ýere degmedik bagşydy, aýdym sungatynda has-da pälwandy. Onuň gaýnap, joşup duran aýdymyny bir gezek diňlän adam oňa bendi bolýardy. Oraz Salyryň aýdymyny hiç bir bagşy bilen deňär ýaly däldi. Onuň beýik sungatyny ýaşlar ürç edip ýöredýär.

Ý.Narlyýewiň ýatlamasy (Salyr bagşyçylyk ýolunyň wekili): Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz Salyryň pälwan sypat göwresi, nurana keşbi köpleriň dilinde bolupdyr. Ol toýlarda we tomaşalarda göreş tutar eken. Oňa köp ýyllar etrapda göreş tutmakda taý gelen adam bolmandyr. Orazyň ýanynyň ýere degmedikligi üçin “Guduman” ady alypdyr (bu sözüň manysy gaýratly, gujurly diýmegi aňladýar). Guduman bagşynyň ýerine ýetiren “Ýok meniň”, “Aýlansam”, “Köne güzer”, “Bigäne ýagşy”, “Elden gider”, “Arzygül” ýaly aýdymlary bolsa ýaş bagşylarymyz tarapyndan häzirki günlerimizde hem ýerine ýetirilýär.

Uruş weterany Ý.Şirowyň ýatlamasy (Garaman obasy): 1936-njy ýylda bir gije biziň öýümizde aýdym diňlemek üçin üýşdik. Muhy bagşy “Şasenem-Garyp” dessanyny aýdyp otyrdy. Märekede oturanlardan biri Muhy bagşa ýüzlenip: “Muhyjan sen bir tükeniksiz hazyna, haýsy ugurdan goýberseň, erkimizi elimizden alýarsyň! Gaýgy-gamy ýadawlygy aýryp, şatlyk berýärsiň!”– diýip söhbede başlady. Oraz Salyra “Guduman” adyny il-gün ýöne ýere dakan däldir. Şol barada gürrüň berseňiz hezil edip, diňlärdik”- diýip, ol Muhy bagşa ýüzlendi. Şonda Muhy bagşy şeýleräk gürrüň beripdi: “Adamlar men Oraz Salyr bilen köp ýerlerde köp toýlary sowdum. Öz etrabymyzda, goňşy etraplarda, Aşgabatda, Tejende we Maryda toý bolsa, bizi çagyrardylar. Oraz hakda näçe öwgüli sözleri aýtsaň hem bärden gaýdýar. Türkmen halk aýdymlarynyň sazyny nota geçiren W.Uspenskiý Sarahsa gelende biziň öýde boldy. Ol menden Oraz Salyr bilen tanyşdyrmagymy haýyş etdi. Men Oraz Salyry öýe çagyrdyp, W.Uspenskiý bilen duşurdym. Şonda Oraz “Durnalar” aýdymy aýtdy, men bolsa sazyny çalypdym. Aýdymyň dowamynda W.Uspenskiniň gözünde ýaş alamatlary peýda boldy. Soň ol aýdym gutarandan soň aýyplaşmaň, siziň şirin sazyňyzyň we aýdymyňyzyň men içine girip, öýümi, ilimi ýatladym diýip, Oraza ýüzlendi: “Sen aýdym-sazyň hakyky ussady, türkmeniň bilbili ekeniň”-diýip, beýik alym W.Uspenskiý bagşynyň ilkinji aýdymyny diňläninde, oňa mynasyp baha berdi. Elbetde, Oraz örän sypaýy we adamkärçilikli adamdy. Onuň tarypyny söz bilen ýetirip biljek däl. Meniň düşünişim boýunça il-gün “Oraz Salyra “Guduman bagşy” diýmekleri, onuň sesiniň şeýle ýiti bolanlygy üçin bolmaly”–diýip Muhy bagşy sözüni soňlady.


Ýatlamalary toplan:

Arzygül WELSÄHEDOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby