Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýaş sazandalarda saza bolan söýgini artdyrmak we halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna halypa mugallymlar, talyplar we medeniýet hem sungat işgärleri gatnaşdylar.
Bu döredijilik duşuşygy tanymal bagşynyň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlandy. Uly ýerine ýetirijilik we döredijilik mekdebini geçen halypalaryň biri bolan Sahy Jepbarow türkmen bagşyçylyk sungatynda ägirt uly yz galdyrmaklygy başardy. Onuň ussatlarça ýerine ýetirijiligi hem ummasyz döredijilik mirasy saz medeniýetimiziň ençeme wekilleriniň ussatlyga eýe bolmaklarynda möhüm orny eýeledi. Duşuşygyň dowamynda halypany ýatlap birnäçe çykyşlar edildi.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Ý.Nurymow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri A.Mämmetgulyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň mugalymy A.Saparow dagylar meşhur Sahy Jepbarow barada gyzykly çykyşlary etdiler. Halyplalaryň ussat baradaky söhbetleri örän täsirli boldy. S.Jepbarowyň aýdym aýdyş täri, mukamçy kompozitor hökmündäki döredijiligi ýurdumyzyň hemme bagşylary üçin görelde mekdebi bolup durýar. Onuň milli bagşyçylyk sungatymyzdaky eýeleýän aýratyn orny boýunça beýan edilen mazmunly çykyşlar geljekki bagşylarymyz üçin gymmatly bolup durýar.
Soňra Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeginde halypanyň “Altyň biri”, “Mugallyma gyz”, “Ýaýlaklary bar” we “Pagtaçy gözel” ýaly birnäçe aýdymlary diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi. Bu aýdymlar Türkmenistanyň halk bagşysy R. Begenjowyň, Türkmenistanyň halk artisti Ş. Hojaýewanyň, mugallymlar M. Magtymgulyýewiň, M. Goçmyradowyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanyp, dabara aýratyn joşgunly öwüşgin çaýdy.
Bagşylary özleriniň şirin owazlary bilen duşuşyga gatnaşýanlara ruhy goldaw berdiler. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň halk artitleri B. Söýünow we K. Durdyýew dagylar gatnaşyp, özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen dabarany has gyzgalaňly etdiler. Bulardan başga-da, halypanyň adyny göterýän Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy T. Kowusow “Şat bolar boldy” aýdymy bilen döredijilik duşuşygyna özüniň goşandyny goşdy.
Duşuşygyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy M.Goçmyradow ýokary okuw mekdebimiziň talyplar ansambly bilen bilelikde “Arkadagly Serdarly, Berkarar Watan” atly aýdymy ýerine ýetirdiler.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar türkmen aýdym-saz sungatynyň täze derejelere ýetmegi, baýlaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen bagşy-sazandalarymyzyň taryhyň ösüşinde mynasyp orun eýeleýän halypalary ýatlap, olaryň hormatyny belende galdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.