logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna

2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda, Mary welaýat kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde toý ruhunda geçirilýän, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halk demokratiýasynyň dabaralanmasy bolup, onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn işleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini buýsançly bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine şowlulyklary arzuw etdiler.