logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY WE MEDENI-YNSANPERWER ULGAMLAR

Ýurdumyzyň Halk maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada ähli ýerlerde wagyz – nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we medeni-ynsanperwer ulgamlar» atly maslahaty geçirildi. Bu çärä okuwymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Maslahaty alyp baran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa.

Maslahatyň başynda ilkinji bolup Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Altynjemal Hydyrowa, Saz mugallymçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow özleriniň joşgunly sözleri bilen çykyş etdiler.

Her ýyl Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Onda taryhy işler durmuşa geçirilýär, döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän bu işler esasy maksady halkyň bähbidine gönükdirilýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwlet Senasyny ýerine ýetirmegi, sungat wekilleriniň şa serpaýlara mynasyp bolmagy biz üçin buýsançlydygy barada maslahatda çykyş edenler özleriniň ýürek joşgunlary bilen belläp geçdiler.

Ogulnur SULTANOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby