logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY–DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERIMIZIŇ DABARALANMASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty–döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini alamatlandyryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi bu günki gün dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup ýaňlanýandygy barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzyň–Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.