Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu iri jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyjylar 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler we muzeýiň ekspozisiýalaryna aýlanyp gördüler. Döwlet muzeýiniň işgärleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlary ýokary derejede garşyladylar. Myhmanlara Döwlet muzeýiniň ekspozisiýalarynda görkezilýän gymmatlyklar barada muzeýiň hünärmenleri giňişleýin ekskursiýalary berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlar Döwlet muzeýiniň her bir bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar.